Soňky habarlar

Arhiw

Şweýsariýa Prezidentleriň duşuşygyna 10 million dollar sarp etdi

19:2619.09.2021
0
1139

Şweýsariýanyň hökümetiniň iýunda Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleri Wladimir Putiniň we Jo Baýdeniň duşuşygyna 10 million amerikan dollaryndan gowrak serişde harçlandygy belli boldy. Bu barada duşuşygyň geçen şäheri Ženewanyň häkimi Emmanuel Kuenonyň metbugat gullugy beýanat berdi.

Gullugyň wekili hasaplamalaryň heniz doly däldigini, onuň ýene 10-15 göterim artmagynyň mümkindigini nygtady. Mysal üçin, sammitiň geçne güni howpsuzlyk maksatlary üçin her gün 518 müň frank sarp edilipdir, habarçylary äkidip-getirmek, ýerleşdirmek üçin 3 million frank harçlanypdyr.

Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy iýunyň ortasynda Ženewadaky La-Granž willasynda geçdi, olar ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdiler. Umuman, arakesmäni hem hasaba alanyňda, sammit 3,5 ýarym sagat çemesi dowam etdi. Duşuşygyň jemleri boýunça Putin we Baýden strategiki durnuklylyk boýunça bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Metbugat ýygnagynda Putin kiberhowpsuzlyk boýunça geňeşmeleri geçirmek babatda ylalaşandyklaryny habar berdi.

Baýden bolsa, duşuşygyň mähirli ýagdaýda geçendigini belläp, Birleşen Ştatlaryň Russiýa bilen geljeki gatnaşyklaryň düýbüni tutandygyna umyt bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň