Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky raýatlary 19-njy sentýabrdaky saýlawlara bäş nokatdan gatnaşyp bilerler

13:5617.09.2021
0
4350

Russiýanyň Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan raýatlary Döwlet dumasynyň saýlawlaryna ýurtda döredilen uçastoklaryň bäşisi arkaly gatnaşyp bilerler.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berlişine görä, ýurduň Türkmenistandaky raýatlary 19-njy sentýabr güni irden 8-den agşam 20-ä çenli aşakdaky nokatlarda ses berip bilerler:

  • Aşgabat (№ 8287). Russiýanyň ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň binasy, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11 ― Ahal welaýatyndaky we Aşgabat şäherindäki rus raýatlary üçin.
  • Daşoguz (№ 8290). Daşoguz şäher häkimliginiň binasy, 10 ýyl abadançlyk köçesiniň 9-njy jaýy ― Daşoguz welaýatynda ýaşaýan rus raýatlary üçin.
  • Mary (№ 8035). Mary şäher häkimliginiň binasy, Watan köçesiniň 31-nji jaýy ― Mary welaýatynda ýaşaýan rus raýatlary üçin.
  • Türkmenabat (№ 8291). Türkmenabat şäher häkimliginiň binasy, Görogly Türkmen köçesiniň 1-nji jaýy ― Lebap welaýatynda ýaşaýan rus raýatlary üçin.
  • Türkmenbaşy (№ 8288). Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň konsullyk nokady, Magtymguly köçesi, 81A ― Balkan welaýatyndaky rus raýatlary üçin.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň