«Hazar Logistik»: başarnykly hünärmenler kärhananyň netijeli işlemegi üçin esas bolup durýar

12:0317.09.2021
0
13976

Gelejegi uly we çalt depginler bilen ösýän «Hazar Logistik» kärhanasy işgärleriniň başarnygyna uly üns berýär.

Kärhananyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, işgärleri saýlap almagyň esasy şerti olaryň bilimi we logistika ulgamynda iş tejribeleriniň bolmagydyr. Häzirki wagtda kärhanada ortaça 50 adam zähmet çekýär.

«Hazar Logistik» kärhanasynda işlemegiň esasy artykmaçlyklarynyň biri işgärleriň iş tejribesini artdyryp, öz başarnyklaryny özgertmegidir. Oňaýly we netijeli iş şertlerini döretmek maksady bilen kärhananyň işgärleri üznüksiz internet, kompýuteri bar bolan şahsy iş otagy, iş üçin gerekli ähli enjamlar we kanselýariýa önümleri bilen üpjün edilen.

«Hazar Logistik» kärhanasynyň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, logistika ulgamynda üstünlikli iş alyp barmak üçin işgärleriň maksada okgunly we jogapkärçilikli bolmagy, olaryň toparyň içinde işläp bilme başarnyklygy, şeýle-de täze pikirleri öňe sürüp, olary ara alyp maslahatlaşmagy hem zerurdyr.

«Hazar Logistik» özüni Türkmenistanda logistika hyzmatlaryny hödürleýän ynamdar kärhanalaryň biri hökmünde tanatdy. Kärhana şäherara we halkara demir ýol gatnawlaryny amala aşyryp, bu gatnawlar ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin zerur bolan enjamlar bilen hem üpjün edilen. Şeýle-de «Hazar Logistik» kärhanasy özüniň resminamalary bellige almak, ýükleri demir ýol menzilinden müşderiniň ammaryna çenli eltip bermek, ýükleri kepillendirmek we ş.m. hyzmatlaryny hödürleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň