“Hazar Logistik” HK-sy ýükleri howpsuz ýagdaýda daşamak hyzmatlaryny hödürleýär

17:0727.08.2021
0
12521

Hazar Logistik” hususy kärhanasy telekeçilere we gyzyklanma bildirýänlere gatnawlaryň ýörite şertlerini talap edýän ýükleri howpsuz ýagdaýda daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.

Kärhana ýükleriň ähli görnüşlerini, şol sanda awtoulaglary, gap-gaçlary, gurluşyk önümlerini, tehniki enjamlary, senagat önümlerini we gurluşyk tehnikalaryny, kagyz we kanselýariýa önümlerini daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.

Şeýle-de “Hazar Logistik” HK-nyň Türkmenistanyň himiýa senagaty önümlerini, hususanda mineral dökünlerini, kükürt we karbamid önümlerini we ş.m. dünýäniň islendik künjegine eltip bermek mümkinçiligi hem bar.

Ýükleriň ygtybarly saklanmagy we daşalmagy babatynda ähli halkara ülňüleriniň we şertleriniň berjaý ediljekdigini kärhana kepillendirýär. Muňa döwlegen, göwrümi uly we howply ýükler hem degişlidir.

Ýükler gara, deňiz we howa ýollary şeýle-de multimodal usullar arkaly hem Türkmenistanyň çäginde, hem-de GDA we Ýewropa ýurtlaryna daşalýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň