Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

22:5216.09.2021
0
3011

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem möhüm pudaklaryň we tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Has takygy, mejlisde:

― ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri;

― “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň Gündogar böleginde 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek;

― Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek;

― “Tejenkarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen, onuň tehnologik enjamlarynda we desgalarynda tehniki seljerme işlerini geçirmek, zerur işleriň sanawyny ýerine ýetirmek;

― “Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler;

― Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak giň möçberli serginiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri;

― ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 27-nji sentýabrda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasy;

― bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, döwlet hünär bilim edaralary hakynda Düzgünnamalaryň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler;

― Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň taslamasy;

― Türkmenistanyň Prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna saparyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere seredildi.

Mejlisiň dowamynda şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň