Soňky habarlar

Arhiw

«Janpena» ýene surata düşüriler

19:2316.09.2021
0
5804

«Warner Brothers» kinokompaniýasy 1992-nji ýylda surata düşürilen «Janpena» atly filme çalymdaş ýene bir filmi surata düşürmekçi.

Witni Hýuston bilen Kewin Kostneriň baş keşbi janlandyran bu film 400 million dollardan gowrak girdeji gazandy.

«360tv.ru»-nyň «Variety»-e salgylanyp habar berşi ýaly, «gaýtadan dikeldiljek» filmiň edebi esasyny Metýu Lopes ýazar. Onuň «Mirasdüşerler» atly filmi hem öz döwründe uly meşhurlyk gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň