Soňky habarlar

Arhiw

«SpaceX»-iň taryhy uçuşy başlady

18:5616.09.2021
0
3720

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «SpaceX» kompaniýasy tarapyndan arasynda kosmos boýunça ýörite hünärmen bolmadyk dört syýahatçynyň gatnaşmagyndaky üç günlük älem gezelenji başlady.

Syýahatçylaryň ählisiniň çykdajysyny olaryň biri ― meşhur işewür Hared Isakman töleýär. Ol syýahat barada şeýle diýdi: «Bu syýahat adaty adamlaryň ýyldyzlaryň arasyndaky başdangeçirmelere tarap ilkinji ädimidir».

Şeýlelikde, «SpaceX» 60 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek profesional astronawtsyz uçuşy amala aşyrýar. «Inspiration ― 4» diýlip atlandyrylýan älem gämisi Kennedi kosmos merkezinden uçuryldy.

Syýahata Isakman bilen bilelikde çagalykda howply täze döreme bilen göreşen 29 ýaşly lukman, bu syýahat üçin geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan 51 ýaşly geologiýa mugallymy we 42 ýaşly ozalky söweş uçarynyň zenan uçarmany goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň