Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) ýakynda boljak mejlisinde Türkmenistanyň bu guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine garaşylýar. Bu barada «Report» neşiri habar berdi.
Türk Geňeşiniň VIII sammiti 12-nji noýabrda Stambulda geçiriler.
Gazetiň habaryna görä, indiki sammitde guramanyň başlyklygy Türkiýä geçer.
Şeýle hem şol sammitde Geňeşiň adynyň hem üýtgedilmegine garaşylýar.