Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýanyň poçtasy kriptowalýuta satyp başlady

18:1813.09.2021
0
2526
Beýik Britaniýanyň poçtasy kriptowalýuta satyp başlady

Beýik Britaniýanyň poçta bölümi müşderilerine kriptowalýuta satyn almagy teklip edýär.

«Ixbt.com»-yň habaryna görä, «EasyID» programmasyny ulanýanlar «Swarm Markets» merkezleşdirilmedik kripto biržasyndaky talonlary ulanyp, kriptowalýuta satyn alyp bilerler. Bu ýagdaýda talonlary «Bitcoin» ýa-da «Ethereum» üçin çalşyp bolýar.

Lihtenşteýn poçta hyzmatynyň 2019-njy ýylda bitkoin söwdasyna başlandygyny we 2020-nji ýylda Awstraliýadaky poçta bölümlerinde kriptowalýuta satuwynyň başlandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň