Soňky habarlar

Arhiw

Kolumbiýaly dizaýner 45 günläp öçmeýän çyra oýlap tapdy

17:4513.09.2021
0
4293

Kolumbiýaly dizaýner Miguel Mohika 45 günläp öçmeýän çyrany döretdi. Ol himiki birleşmeler sebäpli ýeterlik duzly suw bilen işleýän enjamdyr.

Netijede, suwdaky magniý energiýa öwrülýär. Çyra diňe bir yşyk bermän, eýsem, smartfonlara we beýleki enjamlara zarýad bermäge hem ukyplydyr. Migel Mohikiň bu işi 2021-nji ýylda geçirilen «Kann arslanlary» halkara döredijilik festiwalynda kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol innowasiýa we jemgyýetçilik jogapkärçiligi üçin bürünç medala eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň