Soňky habarlar

Arhiw

«Nurly ussat» HJ resminamalary toplamak hyzmatyny hödürleýär

20:1110.09.2021
0
3233

«Nurly ussat» hojalyk jemgyýeti ilata resminamalary toplamak hyzmatyny hödürleýär. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ygtyýarnama almak üçin resminamalary resmileşdirmek, hojalyk jemgyýeti, hojalyk kärhanalary we telekeçilik patendini açmak, ýapmak, uzaltmak, hususy hem edara görnüşli jaýlarydyr binalary alyş-satyş we resmileşdiriş işlerini alyp barmak ugrunda öz ýardamyny berýärler. Şeýle hem «Nurly ussat» hojalyk jemgyýetinde biznes meýilnamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Tejribeli hünärmenler resminamalaryň forma-3, forma-2, güwähat ýaly görnüşlerini hem taýýarlamaga goldaw berýärler. Mundan başga-da, «Nurly ussat» tarapyndan gurluşyk işleriniň ähli görnüşleri boýunça hyzmatlar göz öňünde tutulýar. Hyzmatlaryň hatarynda PÝGG-den edara görnüşli awtoulaglary tehniki gözegçilikden geçirmek we PÝGG-den alyş-satyş işlerini resmileşdirmek hem bar.

«Nurly ussat» hojalyk jemgyýetiniň hyzmatyndan peýdalanmak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat şäheri, Parahat 4 ýaşaýyş toplumy, N.Andalyp köçesi, «Söwda we işewürlik merkezi».

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99365-60-07-06; +99365-56-07-06

Elektron salgysy: nurly_ussat@mail.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň