Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna milli baýram — ýurduň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, KHDR-iň Döwlet işleri boýunça Başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.