Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

30 ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine 200 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýuldy

10:2204.09.2021
0
14315

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow «Türkmenistan» gazeti tarapyndan taýýarlanan söhbetdeşlikde geçen otuz ýylda ýurduň ykdysadyýetine goýulýan esasy maýa goýumlaryň möçberiniň ýüzlerçe esse artyp, netijede 200 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolandygyny belleýär.

Ministr öz çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty barada käbir maglumatlara ýüzlenýär. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary we institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanda döredilen Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleri maliýe durnuklylygyny goldamagyň kepillendirilen çeşmeleriniň biri bolup, onuň möçberi jemi içerki önümiň 13%-ne barabar bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ykdysadyýeti boýunça seljermeleri geçirip, «B+ durnukly» derejesini beren dünýäniň iň abraýly «Fitch Ratings» agentligi Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň aktiwleriniň durnuklydygyny belleýär.

Munuň subutnamasy hökmünde 2021-nji ýylyň 1-nji ýarymynyň jemi boýunça ýurduň ykdysady ösüşiniň depgininiň 6,2%-e çenli ýokarlanandygyny bellemek gerek.

Her ýyl ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň jemi içerki önümdäki paýy 25-30%-e barabar bolýar. Şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy jemi möçberiň 15%-e çenlisini düzýär.

Maýa goýumlaryň möçberiniň 66-68%-den gowragy önümçilik ulgamyna gönükdirildi. Bu bolsa ykdysadyýetiň gurluşyny ep-esli üýtgetmäge we önümçilik pudagyny düýpgöter döwrebaplaşdyrmaga, senagatyň gaýtadan işleýän pudagynyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen birlikde, iň ygtybarly we çalt yzyna gaýtarylýan maýa goýumyň görnüşi hökmünde ýurdumyzda «adam maýasyna» goýulýan maýa goýumlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Adamlara bilim, saglygy goraýyş, ylym we beýleki ugurlara goýulýan maýa goýumlary ýurduň ykdysadyýetiniň innowasiýa binýadyny berkitdi.

Munuň şeýledigini dünýäde uly abraýdan peýdalanýan «Fitch Ratings» agentliginiň ykdysadyýetimize beren derejesi tassyklaýar we ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläkde ösüşiň täze belentliklerine ýetjekdigini ýene-de bir gezek kepillendirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň