Soňky habarlar

Arhiw

Kuba hem kriptowalýutany tassyklady

18:0929.08.2021
0
4968

Kuba töleg serişdesi hökmünde bitkoini ulanmaga resmi rugsat berdi. 15-nji sentýabrdan başlap, "täjirçilik amallarynda wirtual aktiwleriň" işini kadalaşdyrmak maksady bilen, ýurtda kriptografik walýuta baradaky karar güýje girer.

«Pcnews.ru» tarapyndan habar berlişi ýaly, bu karar ABŞ-nyň öňki Prezidentiniň dollary ulanmagy kynlaşdyrýan embargo düzgünlerini berkleşdiren syýasatyny göz öňünde tutup kabul edildi.

Töleg serişdesi hökmünde kriptowalýutany tassyklan ilkinji ýurduň Salwador bolandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň