Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-goýberiş nokatlarynyň işi bökdençsiz üpjün edilýär

11:5726.08.2021
0
10569
Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär.
Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär. Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň owganystana eksport edilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny arzanladandygyny hem bellemek zerurdyr.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň