Soňky habarlar

Arhiw

Resmi: Gurban Berdiýew ― «Kaýratyň» baş tälimçisi

23:5024.08.2021
0
8553

Ildeşimiz Gurban Berdiýew Gazagystanyň «Kaýrat» topryna baş tälimçi wezipesine bellendi. Gazak topary Türkmenistanly tälimçi bilen şu ýylyň ahyryna çenli şertnama baglanyşdy. Bu hakynda «Kaýrat» toparynyň resmi «fckairat.com» saýtynda habar berilýär.

Toparyň ozalky baş tälimçisi Alekseý Şpilewski şu ýylyň iýun aýynda topardan gidipdi. Ondan soňra bolsa topara wagtlaýynça Kirill Keker tälimçi boldy, ondan soňra bolsa Artýom Gawrilenko wagtlaýynça tälimçiniň wezipesini ýerine ýetirdi.

Alekseý Şpilewski «Kaýrat» toparyna 2018-nji ýlda gelip, 2020-nji ýylda 16 ýyllyk arakesmeden soňra topary çempion etmegi başardy.

Ýeri gelende belläp geçse ildeşimiz Gurban Berdiýew öz döwründe «Kaýrat» topary bilen futbolçy hökminde hem täliçi hökmünde hem işleşip göripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň