«Apple II»-niň gözükdirijisi rekord baha satyldy

17:2424.08.2021
1
4086

Stiw Jobs tarapyndan ýazylan «Apple II» kompýuteriniň gözükdiriji haty RR auksionynda record baha ― 787,484 dollara satyldy. 196 sahypalyk kitapçany «Indianapolis Colts» futbol klubynyň eýesi Jim Irsaý satyn aldy.

Bu görkezijide Angliýada «Apple» önümleri üçin aýratyn paýlamak hukugy barada gepleşik geçiren Maýk Breweriň ogly Julian Breweriň haty bardy.

Onuň ýüzüne ýazylan hatda «Julian, siziň nesliňiz ilkinji bolup kompýuter bilen ulalar. Bu dünýäni üýtgediň!» diýilýär. Görkezijide Jobsuň golundan başga-da, kompaniýanyň ikinji baş direktory Maýk Markkulyň awtografy hem bar diýip, «w3bsit3-dns.com.to» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň