Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda energetiki hyzmat merkezinde enjamlary oturtmak başlandy

23:0722.08.2021
0
1309

Potratçy edara — «Çalık Enerji» kompaniýasynyň hünärmenleri energetiki enjamlary abatlamak we serwis hyzmatlary bermek boýunça Merkezi njamlaşdyrmak işine girişdiler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Merkez «Türkmenenergo» döwlet korporasiýasynyň sargydy boýunça döredilýär.

«Türkmenenergoabatlaýyş» kärhanasy üçin Merkezi Aziýadaky iri bu döwrebap binýady potratçy2022-nji ýylyň ortalaryna çenli döredip tamamlar.

Ýurdumyzda elektrik beketleri enjamlaşdyrylan kuwwatly gaz turbinalaryna ideg etmek boýunça ilkinji ýerli hyzat üpjün ediler.

Häzirlikçe ýurtdaky dürli kuwwatlykdaky gaz turbinalaryna hyzmat işleri «General Electric» kompaniýasy tarapyndan üpjün edilýär.

Ýakynda, öndürijilik ölçegleri we ulanyş taýýarlygy boýunýa enjamlary Büzmeýindäki ýöriteleşdirilen Merkezde amala aşyrarlar. Şol ýerde şeýle hem gaz turbinalarynyň tapdan düşen böleklerini dikeltmeklik amala aşyrylar. Şu maksat bilen Büzmeýin döwlet elektrik bekediniň ýanyndaky çäkde desga üçin bölünip berlen ýerde potratçy eýýäm zerur bolan binalaryň ählisini gurdy we olarda tamamlaýjy işleri geçirýär.

Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, potratçy gaz turbinalaryna 16 toplum ätiýaçlyk şaýlaryny getirer. Bu bolsa çalyşmak üçin gazna döretmäge mümkinçilik berer.

Hünärmenleriň baha bermegine görä, öz wagtynda hyzmat işleriniň ýola goýulmagy gaz turbinalarynyň abatlaýyş işlerini nyrhyny peseltmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem täze iş orunlary dörär.

Merkeziň gurluşyk işleri bilen bir wagtda hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak işleri hem ýerine ýetirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň