Soňky habarlar

Arhiw

Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisi «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglanyldy

23:0021.08.2021
0
18162
Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisi «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglanyldy

Ýakynda Tokio şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisi Ahmet Saryýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglanyldy.

Bu orden oňa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dabarada gowşuryldy. Ordeni Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gowşurdy.

Polina Gurýewanyň, Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylda Bakuwda geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda hem altyn medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň