Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde köpugurly garaýyşlaryny we tekliplerini öňe sürer

23:4820.08.2021
0
5431

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda DIM-de degişli işler amala aşyrylýar.

Bu möhüm resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň esasynda taýýarlanyldy hem-de birnäçe esasy ugurlary özünde jemleýär. Olar aşakdakylardan ybaratdyr:

— täze görnüşli howply ýokanç kesele garşy göreşmekde hem-de onuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmakda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny berkitmek;

― Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ählumumy geosyýasatynda eýeleýän möhüm ornuny ösdürmek, sebitde bolup geçýän özgerişleri dünýä gün tertibi bilen sazlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemek;

― «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürmek;

― Ýaşlar üçin Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly halkara hyzmatdaşlygyň görnüşlerini ösdürmek;

― BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň Halkara taslamalar boýunça Aşgabatdaky edarasyny açmak;

―Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyz tarapyndan BMG bilen YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemek;

― Birleşen Milletler Guramasynyň “Hemmeler üçin durnukly energiýa” atly başlangyjy bilen bilelikde bu mesele boýunça halkara forumy guramak;

― Pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara “Ýol kartasyny” düzmek;

― Dünýäde emele gelen migrasiýa ýagdaýlaryny nazara alyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti hem-de Halkara Migrasiýa Guramasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek;

― Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işine ýurdumyzyň gatnaşmagyny giňeltmek.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň işine gatnaşmagyna Milletler Bileleşiginiň doly ygtyýarly agzasy hökmünde alyp barýan yzygiderli işiniň dowamy hökmünde garaýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň uzak möhletli maksatlaryna gabat gelýändigini belledi. Onuň BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine laýyk gelýändigini hem-de dürli ulgamlarda bilelikdäki özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtamak möhümdir.

Milletiň Lideri şundan ugur almak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 76-njy mejlisiniň işine gatnaşmagyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny giň köpçülige ýetirmegi, halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça yzygiderli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň