«Çal we gaharlynyň» 10-njy bölüminiň görkeziljek wagty belli boldy

16:5618.08.2021
0
6649

Meşhur «Çalt we gaharly» kinotapgyrynyň 10-njy bölümi 2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde kinoteatrlara çykar.

Ilkinjisi 2006-njy ýylda ekranlarda peýda bolan we şondan bäri dokuz bölümde tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanan filmiň täze bölümine-de Jastin Lin režissýorlyk eder.

Filmde Win Dizel, Mişel Rodriges, Sang Keng, Ludakris, Jordana Brewster, Tirese Gibson ýaly ýyldyzlar baş keşpleri janlandyrar diýlip garaşylýar. Şeýle hem, söhbetdeşlikleriň birinde «Çalt we gaharly 9» filmi görkezilip başlandan soň Win Dizeliň gyzy Pol Uokeriň hem nobatdaky bölümde keşp ýerine ýetirmeginiň ähtimaldygy aýdylypdy ― diýip, «kinonews.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň