Soňky habarlar

Arhiw

Şotlandiýanyň wiski kompaniýasy awtoulaglaryna bioýangyç guýup başlar

15:4413.08.2021
0
4028

Şotlandiýanyň iri wiski öndüriji kompaniýalarynyň biri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanyp, önümleriniň iberilmegini optimallaşdyrmak niýetini mälim etdi. Bu maksat bilen kompaniýa bioýangyjyň ulanylmagy üçin ulaglaryny täzeden enjamlaşdyrmak isleýär.

«William Grant & Sons»-yň menejeri Kirsti Dagnanyň beren interwýusynda belläp geçişi ýaly: «Bu taslamanyň bir bölegi hökmünde, piwo aleýini öwreris we gallany ýangyç bolup hyzmat etjek gaza sarp ederis. Şeýlelik bilen, içgilerimizde aşa pes uglerod bilen dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanyp bileris».

Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemegine görä, wiski ibermek üçin ulanylýan bir awtoulag her ýyl atmosfera 250 tonna çenli kömürturşy gazyny çykarýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçilmegi bilen bu görkeziji 95% azalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň