Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmen-Tranzit" kompaniýasy halkara tassyklamasyndan üstünlikli geçdi

16:1312.08.2021
0
7060

2018-nji ýylda "Türkmen-Tranzit" kompaniýasy halkara tassyklamasyndan üstünlikli geçip, Türkmenistanda ISO 9001:2015 şahadatnamasyny alan ilkinji IT kompaniýasy boldy. Bu şahadatnama, önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen baha beriş ölçegi bolan hil dolandyryş ulgamy üçin halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Şeýle hem, alnan şahadatnama "Türkmen-Tranzit" kompaniýasynyň hil dolandyryşynyň müşderiniň ugrukdyrylyşy, ýolbaşçylygy, işgärleriň işjeň gatnaşygy, amaly çemeleşme we üznüksiz ösüş ýaly ähli ýörelgelerini ýerine ýetirýändigi halkara derejesinde ykrar edildi. Şahadatnama, "Türkmen-Tranzit" kompaniýasynyň müşderilerine edýän hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrýandygyny tassyklaýar.

Bu ýyl, kompaniýanyň işgärleriniň işleriniň netijesinde "Türkmen-Tranzit" hem häzirki şahadatnamanyň möhleti sebäpli zerur bolan tassyklamany üstünlikli geçen ilkinji IT-kompaniýa boldy. Şeýlelikde, "Türkmen-Tranzit" kompaniýasy, hil dolandyryşy ulgamynda halkara talaplaryna laýyk gelýän ulgamy berjaý edýän kompaniýa hökmünde statusyny ýene bir gezek tassyklady.

Kompaniýanyň işi ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek we ornaşdyrmak, şeýle hem web sahypalaryny we amaly programmalary, programma üpjünçiligini ösdürmek, işewürligi awtomatlaşdyryş hyzmatlaryny bermek, kiberhowpsuzlyk we "sanlylaşdyrma" hyzmatlaryny öz içine alýar.

"Türkmen-Tranzit" ähli taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär we ösdürýär hem-de hemişe iň gowy netijelere eýe bolmaklyga çalyşýar. Kompaniýanyň dolandyryşy, hünär taýýarlygy syýasaty işgärleri höweslendirmeklige gönükdirilendir, bu bolsa öz gezeginde kompaniýanyň hil dolandyryş ulgamynyň gowulaşmagyna getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň