Top.Mail.Ru

Berdimuhamedow Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölümini açdy

23:3011.08.2021
0
9860

Şu gün – 11-nji awgustda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň täze desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, Watan goragçylaryny bu şanly waka bilen gutlady. Soňra milli Liderimiz Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň dolandyryş binasynyň esasy girelgesine tarap ugrady.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, täze harby bölümi açyp, onuň düzümleri bilen tanşyp başlaýar.

Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň hem-de bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Baş binada dolandyryş bölümi, şeýle hem nobatçylyk alyp barýan harby deňizçiler üçin iş otagy ýerleşýär. Hemme bölümlere Harby-Deňiz Güýçleriniň hünärmen-serkerdeleri tarapyndan taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiligi ornaşdyryldy.

Täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini yzarlamak mümkin. Munuň özi deňziň kenarýaka bölegine gözegçilik etmek üçin niýetlenen radiolokasiýa enjamlaryň we HDG-niň söweşjeň gämilerinde bar bolan tehniki toplumlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem sanly enjamyň, hemra aragatnaşygynyň kömegi bilen gämileriň deňizde ýerleşýän ýerleri, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligi kesgitlenilýär. Bu bolsa dolandyryş nokadyndan harby gämiler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär.

Dolandyryş bölüminde alnan maglumatlar toplanylýar we işlenilýär, bu ýerde oturdylan enjamlar işleri ýeňilleşdirýär hem-de maglumatlary bellenen ýerleri boýunça ibermäge şert döredýär.

Harby gullukçy gulluk etmäge we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge döredilen ajaýyp şertler üçin Belent Serkerdebaşa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Ýaragly Güýçleriň ähli şahsy düzüminiň adyndan Watan goragçylarynyň mähriban Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden we wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Şol pursatda “Sanjar” gorag gämisiniň serkerdesi onlaýn görnüşinde gäminiň taýýarlyk ýagdaýy, şahsy düzüm tarapyndan geçirilen degerli taýýarlyk barada hasabat berip, milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowa Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada döwlet derejesindäki aladasy üçin hoşallyk bildirdi.

Ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gämini dürbi arkaly gözden geçirdi. Häzirki wagtda HDG-ne Watanymyzyň deňiz giňişliklerinde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmekde uly orun degişlidir.

Hormatly Prezident, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdä jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw edip, binanyň birinji gatyna bardy.

Soňra döwlet Baştutany harby bölümiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Şeýle hem milli Lider Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gullukçylaryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Harby-Deňiz Güýçleriň täze harby bölüminiň desgalarynyň bu ulgamdaky döwrebap talaplara laýyk gurlandygyny bellemek gerek. Onuň çäklerinde esgerler ýatakhanasy bolup, onda harby gullukçylar üçin amatly durmuş şertleri üpjün edildi. Şunda arassaçylygyň we düzgün-tertibiň saklanylmagyna degişli düzgünleriň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Harby gullukçylar üçin niýetlenen naharhana we onuň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Ammar önümlerini saklamak üçin sowadyjylar bilen üpjün edildi.

Şeýle hem harby bölümde dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen hem-de ýyladyş we salkynlaşdyryş ulgamlary bilen degişli derejede üpjün edilen jaý bar.

Iň täze tehnologiýalar we sanly ulgamlar bilen üpjün edilen okuw binasy hem göz öňünde tutuldy. Bu ýerde okuwlaryň Harby-deňiz institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan programma üpjünçiligi esasynda geçirilýändigi bellärliklidir. Sanly ulgamlaryň kömegi bilen harby gämileriň dolandyrylmagy, ugurdaş enjamlaryň ulanylyşy, deňiz giňişligine gözegçiligiň alnyp barlyşy öwredilýär.

Okuw binasynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, harby talyplar we ýaş serkerdeler degişli bilim alýarlar hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar.

Harby bölümiň çäklerinde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary ýerleşdirildi, şolarda harby gullukçylar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, boş wagtlaryny peýdaly geçirip bilýärler. Şeýle hem halkara ölçeglere kybap gelýän iň täze enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi bar. Bu ýerde harby gullukçylara we olaryň maşgala agzalaryna zerur lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler üpjün edildi.

Harby bölümiň düzümine baý kitap gaznasyna eýe, okalga zaly bolan döwrebap kitaphana girýär. Ol Watan goragçylaryna bilimlerini artdyrmaga hem-de boş wagtlaryny kitap, şol sanda çeper eserleri okamak bilen geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde islän kitabyňy almak işi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa wagtyňy ep-esli tygşytlaýar.

Döwrebap binasy bolan we häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary hem-de ugurdaş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdepde harby gullukçylaryň çagalary orta bilim alarlar. Bu ýerde sapaklar häzirki zaman usulynda alnyp barlar. Bu bolsa çagalaryň ylymlara işjeň aralaşmaklary üçin zerur şertleri üpjün eder.

Şeýle hem harby bölümiň çäginde ösüp gelýän ýaş nesillere bilim-terbiýe bermegiň häzirki zaman usullaryny özünde jemleýän çagalar bagy hereket edýär. Iki gatly döwrebap binada körpeleriň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri, olaryň başlangyç bilim almagy üçin ýokary derejeli şertler döredildi.

Çagalar baglarynda birnäçe gurnak otaglary bolup, olarda körpeleriň islegine görä, birnäçe ugurlar boýunça okuw sapaklary geçiriler. Şol bir wagtyň özünde çagalarda zähmet endiginiň ösdürilmegine uly üns berler. Bu bolsa ýaş nesliň sowatly, edep-terbiýeli bolup ýetişmeginde ähmiýetlidir.

Çagalar üçin niýetlenen, ajaýyp görnüşde enjamlaşdyrylan oýun meýdançalary bar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmekleri, bilim-terbiýe almaklary ugrunda edilýän aladanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr.

Toplumyň binalarynyň köptaraply häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda durmuş maksatly binalaryň taslamalarynyň taýýarlanmagyna jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini aňladýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň çäginde iki sany 3 gatly, 60 öýli ýaşaýyş jaýy, şeýle hem ýaş serkerdelere niýetlenen 2 gatly umumy ýaşaýyş jaýy bar. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynda amatly ýaşaýyş we dynç alyş üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.

Toplumyň çäklerinde ugurdaş binalardan başga-da, alyjylara gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşini hödürleýän köpugurly dükan hereket edýär. Bu goşmaça amatlyklary döredýär.

Toplumyň çäginde bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy. Bu ýerde dürli gülleriň hem-de saýaly baglaryň ekilmegi ekologiýa abadançylygyny saklamaga ýardam edýär.

Harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk senesine ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrülen bu täze binalar we desgalar toplumy olaryň mähriban Watana bolan buýsanjyny artdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň