DIM-de BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy kabul edildi

22:0010.08.2021
0
11386

10-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza gelen BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar häzirki we geljegi uly bolan taslamalara seretdiler, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Energiýa, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapýan beýleki ulgamlarda döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.Taraplar döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegiň ähmiýetini bellediler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, şeýle-de BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar şeýle-de 2020-nji ýylyň martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar agzalan maksatlara ýetmek ugrunda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ylalaşdylar.

Dmitriý Şlapaçenko täze bellenilen jogapkärli wezipesi bilen bagly mähirli sözler we gutlaglar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle-de BMG-niň ýurt boýunça toparyna ýolbaşçylyk etmek bilen, ählumumy parahatçylyk, durnuklylyk hem-de gülläp ösüş ugrunda BMG-niň we Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ähli tagallalary etjekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň