BMG Ýerdäki howanyň ýagdaýy baradaky seljermeleri paýlaşdy

15:4410.08.2021
0
6053

BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara toparynyň (IPCC) hasabaty ― Ýer ýüzündäki howanyň häzirki ýagdaýyny seljerýän synyň birinji jildi çap edildi.

«Ferra.ru»-nyň habaryna görä, neşir edilen resminamada Ýeriň soňky 125 müň ýylda iň ýokary temperaturasynyň hasaba alandygy we munuň bolsa öz gezeginde hemişelik gurakçylyga we ýangynyň sanynyň köpelmegine sebäp bolup biljekdigi aýdylýar.

Hünärmenleriň pikiriçe, bug gazlarynyň atmosfera zyňyndylaryny dessine azaltmak bilen şeýle netijeleriň öňüni alyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň