Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy geçirildi

21:0005.08.2021
0
4952

Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň kasam kabul ediş dabarasy düýn – penşenbe güni, öýleden soň, Tähran wagty bilen sagat 17: 00-da Eýranyň Yslam Şura Mejlisinde geçirilip başlandy.

Kasam kabul ediş dabarasyna dünýäniň 73 ýurdundan 115 sany resmi wekil, şol sanda 10 sany Prezident, 20 sany parlament spikeri we 11 sany daşary işler ministri gatnaşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew gatnaşdy.

Eýranyň Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf Seýed Ebrahim Raisiniň kasam kabul ediş dabarasynda ýurduň täze dolandyryş döwrüniň «netijelilik we jogapkärçilik» döwri bolmalydygyny aýtdy. Eýranyň Mejlisiniň başlygyndan soň Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Mohsen Ežei çykyş etdi.

Eýranyň Mejlis başlygynyň we kazyýet güýjüniň başlygynyň çykyşlaryndan soň Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi kasam kabul etdi we döwlet baştutany wezipesine resmi taýdan girişdi.

Eýranyň täze Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi özüniň kasam kabul ediş dabarasynda eden çykyşynda: «Eýran sebitdäki ähli ýurtlara, esasanam goňşy ýurtlara dostluk we doganlyk elini uzadýar.» - diýip nygtady. Onuň pikiriçe,

Eýranyň daşary syýasatynyň iň möhüm we esasy meselesi goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary gowulandyrmakdyr.

Eýranyň täze Lideri öz çykyşynyň ahyrynda: «Dünýä üýtgeýär. Halklaryň bähbitlerini üpjün etmek täze dünýä we strategiki hyzmatdaşlyga düşünmegi talap edýär. Üstünlikli daşary syýasat deňagramly daşary syýasat bolar.» - diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň