Soňky habarlar

Arhiw

Wegetarianlar üçin täze lybaslar

17:1906.08.2021
0
4533

«Pangaia» wegetarian egin-eşik markasy ösümlik we miwe süýümlerinden ýasalan täze matany hödürledi. «Plnt Fiber™» diýlip atlandyrylýan önümiň düzüminde bambuk, gimalaý garynjasy, ewkalipt we deňiz ösümlik süýümleri ýaly täzelenip bilýän, çalt ösýän we ösümlik esasly çig mallar bar.

Bu ösümlikleriň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir, sebäbi olar pestisidleri ýa-da dökünleri talap etmeýär. «Frut Fiber™» bolsa durnukly süýümlerden ýasalan bambuk lyoseliniň garyndysydyr. Markanyň täze ýygyndysynyň awgust aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň