Soňky habarlar

Arhiw

«Xiaomi» smartfon bazarynyň başyna geçdi

16:5506.08.2021
0
3628
«Xiaomi» smartfon bazarynyň başyna geçdi

Hytaýyň «Xiaomi» korporasiýasy ilkinji gezek smartfon öndürijileriň dünýä reýtinginde birinji orna geçdi.

«Counterpoint Research» gözleg kompaniýasynyň habaryna görä, 2021-nji ýylyň iýunynda «Xiaomi» iň uly telefon öndürijisi bolup, tehnologiýa ägirdi «Samsungyň» hem öňne geçdi. Häzir dünýä bazraynda «Xiaomi» 17,1, «Samsung» 15,7 göterim ýeri eýeleýär. «Apple» bolsa 14,3 göterimlik paý bilen üçünji orunda.

Şeýle-de bolsa, «ferra.ru»-nyň habaryna görä, şu ýylyň ikinji çärýegini göz öňünde tutsak, «Samsung» öňdebaryjylygyny saklaýar. Hünärmenler «Xiaomi»-däki bu ösüşi bäsdeşi «Huawei»-iň kynçylyklary bilen baglanyşdyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň