Soňky habarlar

Arhiw

6-njy awgustda Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler

13:0305.08.2021
0
19139

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny geçirmäge taýýar edildi. 3-nji gezek geçirilýän bu duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.

Döwlet Baştutanlary 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Daşkentde geçirilen Konsultatiw duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine serederler. Şeýle hem Konsultatiw duşuşygynyň gün tertibine girizilen sebitiň durnukly ösüşi, söwdany ýokarlandyrmak, energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek, ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, pandemiýa garşy göreş tagallalaryny jemlemek ýaly ugurlarda özara pikir alşarlar.

Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ikiçäk duşuşyklar geçiriler.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly hem-de sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bolar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammiti 2018-nji ýylyň mart aýynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde, ikinjisi bolsa 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň