Soňky habarlar

Arhiw

“Tropicana” we “Naked” brendlerini satýar

11:4305.08.2021
0
1303

ABŞ-nyň gazsyz içgileri öndüriji iri kompaniýalarynyň biri bolan PepsiCo Inc. özüniň Tropicana we Naked şerbet içgileriniň söwda ýarlygyny Fransiýanyň PAI Partners hususy maýa goýum kompaniýasyny satýandygyny resmi habar berdi.

Täze geleşige görä, bilelikdäki kärhanany açmak meýilleşdirilýär, onda PepsiCo paýnamalaryň 39 göterimi degişli bolar. Şeýle hem ol bu söwda nyşanyndaky şerbetli içgileri ABŞ-da sartmak hukugyny hem alar.

Geleşigiň şu ýylyň aýagyna çenli doly tamamlanmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, PepsiCo kompaniýasynyň ady agzalan şerbetli içgileriniň satuwy 2011-2020-nji ýyllar aralygynda 36 göterim kemelipdir, munuň esasy sebäbini ýerli ilatyň şekeri ulanmagy çäklendirmegi bilen baglaýarlar.

Galyberse-de, soňky döwürde COVID-19 ýokanjy sebäpli adamlaryň öýde köp naharlanmagy bilen baglylykda apelsin şerbetlerine islegiň artmagyna garamazdan, kompaniýanyň önümleriniň söwdasy kemelýär. Netijede hem önümçiligiň bu ugry PepsiCo üçin ýitgili bolmagynda galýar.

Umumy aktiwleri 17,5 milliard amerikan dollary bahalanýan PAI Partners kompaniýasy meşhur sarp ediş brendlerine maýa goýýandygy bilen bellidir. Ol mundan öň dünýäde ikinji iri buzgaýmak öndürijisi bolan Froneri kompaniýasyna hem maýa goýupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň