Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropada gazyň nyrhy ýokarlandy

16:1104.08.2021
0
1318

Ýewropada tebigy gazyň birža nyrhlary rekord derejä ýetdi— 1 müň kub metr üçin 530 dollardan hem geçdi. “Mawy” ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagyna gaz saklawhanalarynda çig malyň möçberiniň azalmagy sebäp boldy, ýagny häzirki wagtda Ýewropanyň ýerasty saklawhanalarynda tebigy gazyň möçberi 84 göterim bolanlygyndan 55 göterime çenli azalypdyr.

Bilermenleriň käbiri tarapyndan “Demirgazyk akym-2” gazgeçirijisini tiz işe goýbermek maksady bilen gaz üpjünçiligini azaltmakda aýyplanýan Russiýa Federasiýasynyň “Gazprom” edarasy bu aýyplamanyň esassyzdygyny mälim etdi. Ýagny bu iri rus gaz kompaniýasy häzirki wagtda yklymyň ýurtlaryna eltýän tebigy gazynyň möçberiniň çärýek derejede artandygyny habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň