Soňky habarlar

Arhiw

«Twittere» girmek indi has aňsat

17:4703.08.2021
0
3810

«Twitter» jemgyýetçilik ulgamyna «Google» we «Apple» hasaplary bilen girmek aňsatlaşdyryldy.

Ozal dine bu ýeňillik beta wersiýasynda bar bolsa, indi ol giňden elýeterli boldy.

Ulanyjylaryň pikiriçe, «Apple» hasabyna ýazylmak üçin parol ýa-da e-poçta salgysy gerek däl, «Google» bilen girmek bolsa hatda degişli hasabyň deslapky awataryny ulanmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle-de bolsa, iOS, Android we PC ekoulgamyndan «Google» hasaby bilen girip bilýän bolsaňyz, iOS-dan diňe «Apple» hasaby bilen girip bilersiňiz. «3dnews.ru»-nyň habar berşi ýaly, döredijiler geljekde onuň mümkinçilikleriniň has giňeldiljekdigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň