Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana ýapon tehnikalarynyň täze tapgyry getiriler

11:0202.08.2021
0
65700

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýakyn günlerde Ýaponiýadan satyn alynjak «Toyota» kysymly awotulaglary hem-de «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşar. Bu barada bankyň resmi saýty habar berdi.

Täze tehnikalary satyn almak barada barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Ýaponiýanyň «Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itoсhu Corporation» kompaniýasynyň arasynda degişli şertnamalar baglaşyldy.

Şertnamalarda awotoulag we ýer gazyjy tehniki serişdeleriniň ätiýaçlyk şaýlaryny hem satyn almak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň