Şu ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýa gelýän Türkmenistanyň raýatlary üçin täze düzgünler güýje girer. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň hukuk maglumatlarynyň resmi internet portalynda habar berildi.
Hususan-da, Russiýa Federasiýasyna baran raýatlarymyz, syýahatdan üç gün öňünden «COVID-19-syz syýahat» ykjam programmasynda görkezilen koronawirus ýokançlygy üçin arassa barlagyň netijesini bermeli bolarlar.
Russiýanyň hökümetiniň 2021-nji ýylyň 20-nji iýulynda kabul eden 1998 belgili buýrugy bilen girizilen bu düzgünler, howa gözegçilik nokatlary arkaly Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlaryň çäginden Russiýa girýän syýahatçylar üçin eýýäm 25-nji iýuldan güýje girdi. Oňa laýyklykda, Russiýa gelmezinden 3 gün öňünden saýlanan «COVID-19-syz syýahat» ykjam programmasy arkaly täze koronawirus ýokançlygyny barlamak üçin PCR synagynyň netijesini bermeli.
Bu düzgünler, ÝYB-e agza ýurtlaryndan üstaşyr Russiýa gelýän üçünji bir döwletiň raýatlaryna degişli däldir. Şol bir wagtyň özünde täze koronawirus ýokançlygy üçin negatiw PCR synagynyň netijeleri bilen resminama bermeli diýilýär.
Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan Russiýa girýän daşary ýurtlular üçin bu düzgün 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje girýär.