Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat halkara moda görkezilişini kabul eder

10:5315.03.2025
0
24569

17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisiniň hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumynyň çäklerinde döwrebap lybaslaryň halkara moda görkezilişi hem guralar. Bu waka moda biparh bolmadyk halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna girizilen Aşgabada gönükdirer diýip, TDH ýazýar.

Guramaçylar tarapyndan moda dünýäsinde ýylyň esasy wakalaryň birine öwrülmegine garaşylýan bu çäre türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleri bir ýere jemlär. Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň Modalar öýüniň, şeýle-de «Mähirli Zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» ýaly modalar öýleriniň dizaýnerleri tarapyndan milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyrylyp taýýarlanylan lybaslar görkezilişe çykarylar. Bu dabara aýratyn taýýarlyk görýän türkmen dizaýnerleri özleriniň nepis türkmen keşdeleri bilen bezelen, moda äleminiň iň soňky ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanylan lybaslarynyň daşary ýurtly meşhur dizaýnerleri hem biparh goýmajakdygyny ynam bilen aýdýarlar.

Şeýle-de halkara moda görkezilişinde Italiýanyň, Marokko Patyşalygynyň, Fransiýanyň, Oman Soltanlygynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary moda söýüjilere hödürleniler.

Aşgabatda geçiriljek bu halkara moda görkezilişi moda dünýäsiniň abraýly neşirleridir teleýaýlymlary tarapyndan giňden şöhlelendiriler. Olaryň hatarynda «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlary, «Vanity Fair», «Vogue», «MARIE CLAIRE ARABIA», «GRAZIA», «HELLO RUSSIA», «ELLE» žurnallary we «FASHION NETWORK» gazeti bar.

Guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylan ýörite maksatnama esasynda daşary ýurtly myhmanlar türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri bilen tanyşmaga hem mümkinçilik alarlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 21-23-40, 21-23-30.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň