Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Russiýadan importy 1,5 esse artdy

14:3831.07.2021
0
783

Şu ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ABŞ-nyň Russiýanyň satyn alýan harytlarynyň möçberi 1,5 esse ýokarlandy.

Şunlukda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýa Federasiýasyndan umumy bahasy 11,5 milliard dollar bolan haryt satyn aldy, bu barada RBK habarlar gullugy Amerikanyň Ilat ýazuwy edarasynyň hasabatyna salgylanyp habar berdi.

Şunda nebitiň we nebit önümleriniň importynyň 78 göterim ýokarlanandygy hasaba alyndy. Gymmatbaha we ýarym gymmatbaha metallaryň we daşlaryň importy bir ýarym esse ýokarlansa, Russiýada öndürilen dökünleriň satuwy 25 göterim artdy.

Söwdalar çig mal däl harytlar babatda hem ýokarlandy, şeýle hem ABŞ russiýaly hyzmatdaşlardan umumy bahasy 126 million dollar bolan raketa hereketlendirijilerini satyn aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň