Soňky habarlar

Arhiw

«Mersedesiň» elektrikli ulagyň önümçiligine doly geçjek wagty belli boldy

19:3123.07.2021
0
9516

Dünýäniň iň meşhur awtoulag markalarynyň biri bolan «Mersedesi» hem öz içine alýan «Daimler AG» nemes awtokonserni geljekki meýilnamalaryny yglan etdi. Şeýlelik bilen, konsern 2030-njy ýyla çenli benzin we dizel dwigatellerinden ýüz öwrüp, diňe elektrik ulaglaryny öndürmegi maksat edinýär diýip, «ferra.ru» ýazýar.

Munuň üçin konsern 47 milliard dollardan gowrak maýa goýmagy maksat edinýär. «Mersedes» hyzmatdaşlary bilen bilelikde sekiz sany batareýa zawodyny gurar, olaryň sany elektromobilleriň işiniň giňelmegi bilen artar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň