Soňky habarlar

Arhiw

Android üçin YouTube 10 milliard gezekden gowrak ýüklenildi

19:1123.07.2021
0
7291

Android üçin «YouTube» goşundysynyň häzire çenli jemi 10 milliarddan gowrak gezek ýüklenip alnandygy belli boldy. Bu bolsa ony dünýäniň iň meşhur mobil programmasyna öwürdi diýip, ferra.ru habar berdi.

Umuman alnanda, goşundyny ýükläp alýanlaryň sany tutuş dünýä ilatyndan hem artyk gelýär: Ýer ýüzünde häzirki wagtda, takmynan 7,9 milliard adam ýaşaýar. Elbetde, bu statistika adamlaryň telefonlaryny çalşyp, “YouTube”-y täze telefonyna ýükleýändigi bilen düşündirilýär. Şeýle-de bolsa, bu juda uly görkeziji hasaplanýar. Şeýle hem, “YouTube”-yň üstünlik gazanmagy onuň Hytaýdan daşarda satylan modelleriň köpüsinde elýeterli bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Mundan başga-da, häzirki wagtda dünýäde işjeň ýagdaýda bary-ýogy 3 milliarddan gowrak Android enjamynyň bardygyny belläp geçmek dogry bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň