Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada «iPhone 13 Pro» dürli yslar bilen bezelýär

18:2119.07.2021
0
4236

Elde ýasalan telefonlaryň kaşaň markasy «Caviar» «ýaşyl» diýlip atlandyrylýan we degişli ady «Eco» bolan «iPhone 13 Pro»-lary täze ýygyndysyny hödürledi.

Kompaniýanyň dizaýnerleri täze toplumda ýer kofesini, tebigy wanili, dürli gülleri, dag papatyny we mekgejöwen ulandylar. Şol bir wagtyň özünde, ähli tebigy materiallar esasan biosidleri, plastifikatorlary we erginleri öz içine almaýan maddalar bilen birleşdirilýär.

Täze tapgyrynda dört model bar. Olaryň her biri özüne mahsus aýratynlyklara eýedir.

Işläp düzüjileriň söz berşi ýaly, telefonlardaky özboluşly yslar üç aýlap saklanar. «Ixbt.com»-yň habaryna görä, her toplumdan 99 telefon öndüriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň