Berdimuhamedow Awazadaky halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin Guramaçylyk toparyny döretdi

23:2017.07.2021
0
7029

Türkmenistanyň Prezidenti şu gün – 17-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çärelerine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen köp ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak we mundan beýlägem ösdürmek, bu babatda öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Guramaçylyk toparynyň agzalaryna ýokarda görkezilen çärleri guramaçylykly geçirmek üçin öz ugurlary boýunça iş toparlaryny döretmäge ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň