Şu tomusda dünýäniň Demirgazyk ýarym şarynda adaty bolmadyk howa ýagdaýlary ýüze çykdy. Aşa gyzgyn howa, guraklyk we uzak wagtlap dowam edýän ýagyşlar munuň mysalydyr.
Günbatar Ýewropanyň käbir sebitlerindäki ýagynly günler iki aýa çekdi. Belgiýada, Gollandiýada, Lýuksemburgda we Germaniýada topragyň yzgary bir metre çenli ýetdi.
Şeýle hem köp döwletlerde suw joşmasy uly ýitgilere getirdi.
12-nji iýuldaky suw joşguny Beýik Britaniýanyň paýtagtynda uly kynçylyklary ýüze çykardy, hatda yzygiderli ýagyş ulaglaryň hereketiniň kesilmegine hem getirdi.
Merkezi Ýewropa suw bilen gidişýärkä, yklymyň demirgazygyndaky adaty bolmadyk yssy howa ýaşaýyşy kynlaşdyrdy. Finlandiýada iýun aýlarynyň taryhy rekordy goýuldy, gündizine howa 27 gradus maýyllyga çenli ýetdi. Şeýle ýagdaý mundan öň diňe 1961-nji ýylda bolupdy.
Şeýle ýagdaýlar ABŞ-da hem ýüze çykdy. Kaliforniýada howanyň derejesi 54,4 gradusa çenli ýokarlandy. Adaty bolmadyk howa döwletiň günbatar sebitlerinde ýangynlara sebäp boldy.
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hünärmenleri parnik gazlarynyň zyňyndylary sebäpli howanyň üýtgemeginiň adaty bolmadyk howa hadysalarynyň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny öňe sürýärler.