Soňky habarlar

Arhiw

101 karatlyk göwher daşy kriptowalýuta satyldy

16:0917.07.2021
0
4509

Anna güni «Sotheby» bäsleşikli söwda öýünde 101 karatlyk göwher 12,3 million dollara satyldy. Şeýlelikde, ol kriptowalýuta satylan iň gymmat bezeg daşy boldy.

Bu daş bäsleşikli söwda öýi tarapyndan adaty töleg görnüşlerine goşmaça tölegleriň hem kabul edýändigini yglan edeninden soň satyldy. Satyn almak üçin haýsy kriptografik walýuta ulanylandygy aýan edilmeýär, ýöne «The Key 10138» atly göwheriň «näbelli hususy ýygnaýjy» tarapyndan satyn alnandygy mälimdir. 10138 belgili göwher seýrek duş gelýän gymmat bahaly daşdyr. Ol bazara çykarylan kowumdaşlarynyň arasynda ululygy boýunça ikinji orunda durýar.

«Ixbt.com»-yň habar bermegine görä, bu gymmat bahaly daş, «D» reňkli göwher hökmünde kesgitlenýär we 100 karatdan gowrak bu hilli 10 göwheriň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň