Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplary okuw tejribeligini tamamladylar

12:1215.07.2021
0
7075

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň 50-den gowragy «Bagtyýarlyk» çagalar salagdyş we dynç alyş merkezinde okuw tejribeligini geçdiler.

Geljekki mugallymlar Lebapyň dürli künjeklerinden dynç alyşa gelen çagalaryň wagtyny hoş geçirmäge gatnaşdylar.

Institutyň ähli fakultetleriniň üçünji ýyl talyplary tejribeli mugallymlar bilen bilelikde çagalaryň arasynda sport ýaryşlaryny, aýdym we goşgy ýaryşlaryny, döredijilik sapaklaryny, çagalar kitaplaryny köpçülikleýin okamagy guradylar.

Bu ýerde olara ýokary okuw mekdebiniň tejribeli mugallymlary Jahan Mustakowa bilen Gözel Açylowa ýolbaşçylyk etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň