Soňky habarlar

Arhiw

«Ynamdar» Balkanabat şäherinde hem eltip bermek hyzmatyny ýola goýdy

15:0514.07.2021
0
7890

Türkmenistanyň iň iri internet dükanlarynyň biri bolan «Ynamdar» Balkanabat şäherinde hem eltip bermek hyzmatyny ýola goýdy.

Munuň üçin şäherde ýörite ammar taýýar edildi. Müşderilere ýerli we daşary ýurt harytlary öz wagtynda eltilip berilýär.

Harytlary internet dükanyň resmi saýtyndan we mobil goşundysyndan sargyt edip bolýandygyny ýatladýarys. Olaryň ikisi hem türkmen we rus dillerinde hyzmat edýär.

«Ynamdaryň» şu ýyl mundan başga-da Türkmenbaşy we Mary şäherlerinde eltip bermek hyzmatyny ýola goýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň