Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

23:5513.07.2021
0
8890

13-nji iýulda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanynyň Balkan welaýatyna boljak iş saparyna taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasyna garaldy.

Mejlisiň dowamynda Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar diňlenildi we başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany gün tertibini yglan edip, ilki bilen göni aragatnaşyga wise-premýer, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedowy çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň senagat düzümini işjeňleşdirmek, günbatar sebitde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanynyň günbatar sebite boljak iş saparynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabat şäherinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly işler hakynda hasabat berip, şanly wakalara bagyşlanan medeni çäreleriň maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berdi.

Hormatly Prezident hödürlenen maksatnamany, umuman, makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentiň Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak ugrunda Balkan welaýatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkara ulag ýollarynyň gurulmagy sebitara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini, Türkmenistanyň yklymüsti ulag çatrygy hökmündäki derejesiniň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Milli Liderimiň başlangyjy we yzygiderli tagallasy netijesinde gurlup ulanylmaga berilýän senagat we durmuş maksatly binalar sebitiň sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ulag ulgamyna degişli täze binalaryň gurulmagynyň yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ornuny berkitmekde möhüm ädim bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy, bu desga abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowanyň hasabaty bilen dowam etdi.

Wise-premýer Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan medeni çäreler, taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalaryň hormatyna guralýan dabaralarda ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň beýan edilmegi ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň okgunly ösüşini hem-de ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän dabaralaryň medeni maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan medeni çärelerde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler we halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň çäklerinde geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ähli ugurlarda bolşy ýaly, sebitiň ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary bilen bir hatarda, olaryň Hazaryň kenarynda amatly dynç alşyny guramak meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde Balkan welaýatynyň çäklerinde hereket edýän ýangyç-energetika toplumyna degişli önümçilik desgalarynda işleriň ýagdaýy, ulgamyň düzümlerine häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan ýangyç-energetika toplumyna degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek, sebitiň baý tebigy gorlaryny özleşdirmek we senagat taýdan gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň düzümlerinde işleri kämilleşdirmek ugrunda mundan beýläk-de yzygiderli tagalla edilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň häzirki zaman usullaryna we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra wise-premýer Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna boljak iş sapary bilen baglylykda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, sebitde energiýa üpjünçiligi, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem ilatyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, şäherleriň we obalaryň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede gowulandyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow sebitleriň ilatynyň amatly ýaşaýşy, öndürijilikli zähmet çekmegi ugrunda zerur şertleri üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň dowamynda Diýarymyzyň dürli sebitlerinde, şol sanda Balkan welaýatynda meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň maksatnamasy barada aýdyp, Balkanabat şäherinde gurlup ulanylmaga berilýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasyna, şeýle hem şol ýerde geçiriljek toý sadakasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde zerur işleriň geçirilendigi habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dabara gatnaşyjylara edilýän hyzmatlaryň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Wehimler we mümkinçilikler” ady bilen ýokary derejedäki halkara maslahatyň geçiriljekdigi we oňa görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, forum Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda ulag-logistika, energetika, söwda, önümçilik, maýa goýum, täzeçil tehnologiýalar we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan, şol sanda birnäçe halkara guramalaryndan wekilleriň gatnaşmagy meýilleşdirildi. Onuň çäklerinde söwda we ulag, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, sebitleýin howpsuzlyk ugurlary boýunça mejlisler geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri halkara maslahata gatnaşjak Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümi baradaky maglumaty milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň ýurtlary, aýratyn-da, köpýyllyk hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri arkaly baglanyşýan Özbegistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitiň ýurtlary bilen ýygjam gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, sebitara derejesindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara tejribe hem-de möhüm maglumatlaryň alşylmagyna möhüm ähmiýet berýändigini belledi we Daşkentde geçiriljek halkara maslahata türkmen tarapyndan gatnaşjak wekiliýetiň düzümini tassyklady.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň çäklerinde Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitiň ähli ilatynyň Arkadag Prezidentimiziň Balkan welaýatyna boljak iş saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Guralýan dabaralar ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň, sebitleriň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň aýdyň beýanyna öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, olaryň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, welaýatyň senagat taýdan kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň sebitiň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak meseleleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, milli Liderimiz bu ýerde ulag-logistika düzümine degişli desgalaryň yzygiderli guruljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň medeni maksatnamasyna möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, sebitlerde ilatyň durmuş üpjünçiligine degişli meseleleriň, aýratyn-da, ähli düzümleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, oňa gatnaşýanlar üçin degişli şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň hem halkara derejeli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder. Bu bolsa Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen işjeň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Umuman, häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler ýurdumyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendigini belläp, döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde guraljak çäreleriň Türkmenistanyň täze taryhynda möhüm sahypany ýazjakdygyna ynam bildirdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň