Berdimuhamedow Hytaýyň daşary işler ministrini kabul etdi

22:1813.07.2021
0
5727

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy.

Hytaýyň SINHUA habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Wan I Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň salamyny ýetirip, ýokary derejede işjeň ösdürilip, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň durnukly ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Wan Inyň üsti bilen Si Szinpine golaýda bellenilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we iň oňat arzuwlaryny ýollady. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny hem-de halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türkmen tarapy dostlukly ýurduň Hökümetine hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, aýratyn-da maglumat we aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şol sanda sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, «Merkezi Aziýa + Hytaý» platformasynyň çägindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysy geljek bäş ýyl üçin ähli ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlyk meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtamak bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistan bilen gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hemişe uzak möhletleýin häsiýetde baha berýändigini, onuň geljegine uly umyt bildirýändigi belledi.

Şeýle hem Wan I «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, koronawirus pandemiýasyna garşy bilelikde göreşmek boýunça gatnaşyklary ösdürmek boýunça tekliplerini beýan etdi.

Türkmen tarapy goňşy döwlet bolan Owganystanyň gülläp ösmegi, bar bolan meseleleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi boýunça alnyp barylýan işlerde Hytaý Halk Respublikasynyň başlangyjyna mynasyp baha berdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň