Soňky habarlar

Arhiw

J&J waksinasy seýrek kesellere sebäp bolup biler

18:2813.07.2021
0
6412

«Johnson & Johnson» waksinasy seýrek awtoimmun keseliniň döremek howpuny ýokarlandyryp biler. Bu barada ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi tarapyndan şeýle netijä gelindi.

Düzgünleşdiriji guramanyň duşenbe güni çap eden täze tekliplerinde waksinadan soň 42 günüň içinde töwekgelçiligi ýokarlanýan Giýena-Barre sindromy barada aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň lukmançylyk düzgünleşdiriji hünärmenleriniň pikiriçe, «Johnson & Johnson» waksinasyny ulanmagyň artykmaçlyklary bolup biljek zyýandan has ýokarydyr.

«Johnson & Johnson» waksinasyndan soň bu sindromyň seýrek ýüze çykmagy üçin ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi we beýleki gözegçilik ediji guramalar bilen ara alyp maslahatlaşýandygyny we ýüze çykarylan hadysalaryň sanynyň juda azdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň