Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 13-nji iýulda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat

08:5513.07.2021
0
18781

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 13-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde maglumat ýerleşdirildi.

Aş­ga­bat­da: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25… +27° maýyl, gündizine +38… +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazykgünbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23… +28° maýyl, gündizine +35… +40°, kenarýaka etraplarda +32… +37° yssy bolar.

Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de: howa +35… +37°, basyşy 748 mm, çyglylygy 20 — 40 %. Awa­za­da: howa +34… +36°, basyşy 755 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Bal­ka­na­bat şä­he­rin­de: howa +37… +39°, basyşy 754 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Ahal we­la­ýa­tyn­da: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23… +28° maýyl, gündizine +37… +42° yssy bolar.

Änew şä­he­rin­de: howa +38… +40°, basyşy 732 mm, çyglylygy 15 — 35 %. T e ­j e n şä­h e ­r i n ­d e : ho w a +39… +41°, basyşy 730 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Ma­ry we­la­ýa­tyn­da: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +27° maýyl, gündizine +36… +41° yssy bolar.

Ma­r şä­herind e : h o w a +37… +39°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Baý­ra­ma­ly şä­he­rin­de: howa +38… +40°, basyşy 733 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Le­bap we­la­ýa­tyn­da: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +27° maýyl, gündizine +36… +41° yssy bolar.

Türk­me­na­bat şä­he­rin­de: howa +37… +39°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30 %. Ker­ki şä­he­rin­de: howa +36… +38°, basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +25° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar. Da­şo­guz şä­he­rin­de: howa +35… +37°, basyşy 746 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Kö­ne­ür­genç şä­he­rin­de: howa +34… +36°, basyşy 748 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň