Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-i türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlar barada ýaýradylýan maglumatlary ret edýär

20:0111.07.2021
0
24705
Türkmenistanyň DIM-i türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlar barada ýaýradylýan maglumatlary ret edýär

Soňky günlerde rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýa gatnaşykda barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilişi ýaly, hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi mälim edýär, ýagny iki goňşy döwletiň we olaryň halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň netijesinde türkmen-owgan serhedi dostluk hem-de hyzmatdaşlyk serhedi bolup durýandyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň berýän habarlaryna laýyklykda, onuň garamagyndaky harby bölümçeler, olaryň şahsy düzümi hem-de harby tehnikasy hemişelik hereket edýän ýerinde ýerleşen bolup, göz öňünde tutulan maksatnama laýyklykda meýilnamalaýyn okuw taýýarlygynyň ýerine ýetirilmegini dowam edýärler.

Gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk dessurlaryna laýyklykda, şeýle-de ikitaraplaýyn ylalaşyklarynda berkidilen halkara hukugynyň we borçnamalarynyň mizemez ýörelgelerini berk berjaý etmek arkaly, Türkmenistan doganlyk Owganystan bilen parahatçylyk söýüjilik we hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandyr hem-de pugtalandyrýandyr.

Türkmen tarapy media-giňişliginde hakykata laýyklygyň we dogruçyllygyň beýan edilmegine, diňe barlanylan, şeýle-de hemmetaraplaýyn ynanyp boljak maglumatlaryň ýaýradylmagyna ygrarlydyr we muňa gyşarnyksyz ygrarlylygyny saklaýandyr. Bu halkara meseleleriniň birnäçe aýratynlyklarynyň, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly kadalaşdyrylmagynyň meseleleriniň derwaýys häsiýete eýe bolýan häzirki zaman şertlerde aýratyn wajyp bolup durýandyr. Türkmenistan köp jepany başdan geçiren owgan topragynda parahatçylygyň dikeldilmeginde syýasy-diplomatik gurallarynyň we serişdeleriniň gözlenilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş edýändir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň